Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

    Golaýda,...

  • GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLETIMIZIŇ BERKARARLYGY ILIMIZIŇ AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

    Şu gün...

  • ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

    Türkmenistanyň...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

Gujur – gaýratly ýaşlar

2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda “Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýetinde Telekeçilik işine höwes bildirýän ýaşlaryň arasynda “Gujur – gaýratly ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler  Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki, ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň ojagy hasaplanýan mähriban Diýarymyz bu gün ösüşiň ýolundan batly depginler bilen öňe barýar.  Mähriban Arkadagymyzyň berýän tabşyryklaryna laýyklykda, tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Biz ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimizi ösdürmäge, döwrebap ýagdaýa getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris» diýen sözleri, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr. Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar we abadan durmuşy barada edýän aladalarynyň bu ugurdaky ynsanperwer syýasatynyň, beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP