Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

       Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň  tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk lukmançylygynyň kämil nusgasy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda halkymyza sowgat edýän bu ajaýyp ylmy neşirinde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada gürrüň berilýär. Halk lukmançylygynyň ylmy esasda öwrenilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan bu ylmy neşirde müňlerçe dermanlyk ösümlikleriniň taýýarlanylyşy barada doly maglumat berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden, pederlerimiziň milli lukmançylygy ösdürmekdäki paýhasyny, tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki döwürde gazananlaryny özünde jemleýän bu kitaby olar bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Onda dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügiň, dermanlyk demlenmelerini taýýarlamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri hakyndaky maglumatlaryň ýerleşdirilmegi aýratyn gymmatlydyr.

        Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda ynsan saglygy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

TSTP