Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

ÝAŞULULARYŇ ÖWÜT PENDI-ÝAŞLARA ÝOL ÝÖRELGE

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar zaman» medeniýet öýi bilen bilelikde guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk  çäresi geçirildi. 

Her ýylda altyn güýzüň ikinji aýynyň ilkinji gününde ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu şanly sene döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda iň arzyly günleriň biri bolmak birlikde, halkymyzyň asly halal hem milli ýörelgelerine belent ygrarlylygyny aýdyň alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen başy başlanýan döwletli tutumlarda ýaşuly sarpasy iň belent orunda goýulýar. Halk  köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek ýaly asylly işlerde ýaşululara uly ynam bildirilýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlarda bedew bady bilen ösýän ata Watanymyzyň, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, ýaşululara sarpanyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi.

TSTP