Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLERI HAS-DA BERKITMEKDE UMUMYMILLI FORUMYŇ ORNY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabrigi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmekde umumymilli forumyň orny» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

        «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen dabaralandyrylýan şanly ýylymyz täze taryhy döwrümizi beýgeldýän wakalara beslenýär. Belent tutumlaryň ählisi döwlet Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň  binýadyny berkidip, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň arş deňine göterilmegine uly esas döredýär. Türkmen jemgyýetiniň hem-de umumadamzadyň bähbidini nazarlap amala aşyrylýan belent tutumlaryň ruhlandyryjy güýji mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuny ýokary zähmet öndürijiligi bilen garşylamak ugrunda asylly maksat tutunan halkymyzyň ruhubelentligini artdyrýar. Garaşsyzlyk halkymyzyň synmaz ruhy Tuguna öwrülip, milli mertebesini, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny, şöhratyny has-da dabaralandyrýar diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda şeýle bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwletde ýaşamaga, okamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP