Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

Golaýda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-döwletlilik ýörelgesi» atly maslahat geçirildi.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, öňde boljak ählihalk forumynyň dowamynda dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem degişli meseleler boýunça anyk teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini  gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň döwlet derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.Halk hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenende ýurt berkarar bolup, döwür galkynýar. Bu beýik kämil garaýyşlar we başlangyçlar ady dünýä dolan Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine ýol açýar diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda  şeýle döwletli işleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP