Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.

Türk­men­ hal­ky­nyň­ asyl­ly ­däp-des­sur­la­ry­nyň bi­ri ­bo­lan­ mö­hüm ­we­zi­pe­le­ri ­ara­ alyp­ mas­la­hat­laşmak ­müň­ler­çe­ ýyl­ bä­ri­ hal­ky­my­zyň ­dur­mu­şyn­da do­wam­ edip­ gel­ýän­ de­mok­ra­tik­ däp­le­riň ­bi­ri­dir.­ Hä­zir­ki­ ta­ry­hy­ dö­wür­de­ bu­ däp­ler­ ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň­ esa­sy­na, ­ile­ri­ tu­tul­ýan­ we­zi­pe­le­ri ­çöz­mekde ­jem­gy­ýe­tiň­ he­re­ket­len­di­ri­ji­ güý­jü­ne­ öw­rül­di.Ýa­şu­lu­la­ra­ hor­mat­ goý­mak pe­der­le­ri­miz­den­ mi­ras­ ga­lan­ iň asyl­ly­ däp­le­riň­ bi­ri­dir.­ Her­ ýyl ýur­du­my­zyň­ Ga­raş­syz­lyk­ baý­ramy­nyň­ öňü­sy­ra­syn­da­ ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk­ Mas­la­ha­tynyň ­mej­li­sin­de­ ýa­şu­lu­la­ryň­ masla­hat­la­ry­ we­ tek­lip­le­ri­ diň­le­ni­lip,­ şo­la­ryň­ esa­syn­da­ döw­le­ti­mi­zi mun­dan­ beý­läk-de­ ös­dür­mek bo­ýun­ça­ mö­hüm ­ka­rar­lar ­iş­le­nip dü­zül­ýär­ hem-de­ ka­bul­ edil­ýär.­ Ýaş­ ra­ýat­la­ryň­ hu­kuk­ we­ durmuş­ taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny  ­üp­jün et­mek,­ türk­men­ hal­ky­na­ mahsus­ bo­lan­ ru­hy-ah­lak,­ me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ dün­ýä­de­ wa­gyz et­mek,­ sag­dyn­ dur­muş­ ýö­relge­le­ri­ni­ or­naş­dyr­mak,­ ýaş­ nes­li wa­tan­çy­lyk,­ yn­san­per­wer­lik,­ raýat­ jo­gap­kär­çi­li­gi­ ru­hun­da ­ter­biýe­le­mek,­ola­ryň ­baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak­ we­ hö­wes­len­dir­mek ýur­du­my­zyň ­döw­let­ sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri­ tu­tul­ýan­  ugur­la­ry­nyň ­bi­ri­dir. 

Dürli ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigini, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini aýdyňlygy bilen görmek bolýar. 

 Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolmagyny arzuw edýäris!

TSTP