Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetnde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Döwletimiziň  ösüşiniň, kuwwatynyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän  taýýarlyklaryň çäklerinde degişli işleri guramak, bu döwlet derejesinde geçirilýän syýasy çäräniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek, dürli ulgamlarda netijeli işler alnyp barylýar. Ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan tutumlaryna badalga berer. Häzirki zaman demokratiýasynyň ýörelgelerini özünde jemleýän we milli däp-dessurlara, ýörelgelere eýerlip, berkarar döwletimiziň durmuşynda möhüm aýratyn orun aljak maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt ähmiýetli işleri.

TSTP