Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Şu gün...

  • AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistanyň...

  • HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

    Golaýda...

  • AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

    Şu gün...

  • BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Şu gün...

HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

Golaýda Daşoguz şäherindäki «Daşoguz» Myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Hazar deňzi – parahatçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzi» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda özara bähbitlilik ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar deňzi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde ähmiýetini has-da artdyrýar. Bitarap Türkmenistan bu babatda goňşy döwletler, hususan-da, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy, Azebaýjan, Eýran Yslam Respublikasy  bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýär. Hazar deňzi – dost-doganlyk deňzi bolmak bilen, ol tebigy baýlyklary, biodürlüligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Deňizdäki tebigy baýlyklary paýlaşmak, deňziň ekologik abadançylygyny üpjün etmek hyzmatdaşlygyň möhüm talaplary bolup durýar. Bu babatda halkara konwensiýalary hem hereket edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzi parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzine öwrüldi. 

Şu ýylyň 4-8-nji awgustynda deňiz kenarynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bilşimiz ýaly, Hazar deňziniň üsti bilen ýükleri daşamak, gämi gatnawlaryny ýola goýmak geografik taýdan amatly ýerleşen Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini subut edýär.  Şeýle hem deňziň kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň ägirt uly mümkinçilikleri halkara gatnawlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. 

Birfingiň dowamyndaky pikir alyşmalarda bular barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda döwletli tutumlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP