Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginde, «Awaza forumy: Durnukly ösüşiň bähbidine geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk» atly düşündiriş ähmiýetli duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda  ýurdumyzda alynyp barylýan işleriň ählisi, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, oňyn çözgütler, hyzmatdaşlyklar, diňe şu güni däl, eýsem uzak geljegi nazarlaýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara forumynyň esasy maksady — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologik mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmekdir. Ata Watanymyz tarapyndan halkara giňişliginde durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirilen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar diýip buýsançly aýtdylar.

Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerini alyp barýan, dünýä ýurtlary bilen köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP