Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramagynda telekeçi A.Rejepowanyň önümçilik kärhanasynda «Berkarar döwletimiziň täze eýýamy we beýik özgertmeler eýýamy» atly maslahat guraldy.

Maslahatda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak we döwlet tarapyndan milli işewürlige berilýän giň goldawlar dogrusynda çykyşlar edilip, ýaş hünärmenlere bu ugurda giň düşünjeler berildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda milli telekeçiligiň ösdürilmegine, ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we täze önümçilikleri ýola goýmagy üçin hemmetaraplaýyn şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP