Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Şu gün...

  • AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistanyň...

  • HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

    Golaýda...

  • AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

    Şu gün...

  • BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Şu gün...

AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

Şu gün  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Awaza forumy: ata Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda özara bähbitli, uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary has-da ösdürmäge örän uly ähmiýet berýär. BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem bu ugurda ýene bir möhüm ädim bolar. Her 10 ýyldan bir gezek geçirilip, dünýäniň ýedi yklymyndan ençeme döwletleriň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy düzümleriň wekiliýetlerini jemleýän forumyň umum adamzat bähbitli maksatlar üçin hyzmatdaşlygy berkitmäge itergi berýän taryhy ähmiýetli wakadygy aýdyň hakykatdyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11­nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Giň gerimli halkara maslahatyň çäklerinde Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy  boýunça ministrler duşuşygyny,raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, arabaglanyşyk çäresini, zenan ýolbaşçylaryň forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, tematik sergileri hem­de beýleki ugurdaş çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bäş gün dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem­de BMG­niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem­de hökümet Baştutanlarynyň hem­de abraýly halkara we sebit guramalarynyň, kanunçykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň şeýle giň düzümde geçmegi onuň näderejede uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Il-gününiň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-gün bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!

TSTP