Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda «BMG-niň Awaza forumy: täzeçe şertler, giň mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegi ugrunda Awazada geçiriljek maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat eder. Maslahat bilen ugurdaş ýaýbaňlandyryljak Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara, ýaşlar, zenanlar forumlary we beýleki çäreler hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň binýadyny has-da berkider. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanşyk ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi arkaly bu ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Hereketleriniň täze maksatnamasyny kabul etmegi netijesinde, ýurtlaryň ösüş strategiýalarynyň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler açylar. «Awaza» mili syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ruhuna doly laýyk gelip, Türkmenistan dünýä bileleşiginde diňe bir geografik merkez hökmünde däl, eýsem, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde çykyş edýär. Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň, durmuşa geçirilýän oýlanşykly meýilnamalaryň we öňdengörüjilikli başlangyçlaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

TSTP