Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Şu gün...

  • AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistanyň...

  • HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

    Golaýda...

  • AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

    Şu gün...

  • BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Şu gün...

BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «BMG-niň Awaza formy: Parlamentara gatnaşyklaryň täze gözýetimleri» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler her bir ynsany buýsandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem ýurtlaryň durnukly ösüşine ýardam berilmegini üpjün eder. Bu babatda maslahatlary we duşuşyklary geçirmäge Türkmenistan giň mümkinçilikleri döredýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri möçberli, halkara derejesindäki maslahatlaryň geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuny bar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle şanly sene BMG-niň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelýär. Bu bolsa ýylyň has-da ösüşli ýyldygyny, şanly wakalara baýdygyny aýdyň görkezýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Awazada geçirilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu halkara forum 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen plenar mejlisinde bu halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistana beýik ynamydyr, hemişelik Bitaraplygymyza belent sarpasydyr. Hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi halklaryň dost-doganlygyny, dünýä ýurtlarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Beýik ösüşlere beslenýän Türkmenistan bu gün ykdysady taýdan kuwwatly, agzybir, asuda, parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýän özgertmeler bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem ulag ulgamynda, oba hojalygynda, ekologiýa, bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem hemişe üns merkezinde durýar. Bu meseleler döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.Ýurtda gazanylýan üstünlikler Türkmenistana öz ägirt uly mümkinçiliklerini doly möçberde durmuşa geçirmäge, öňde goýulýan maksada ýetmäge mümkinçilik berýär. Häzir Türkmenistanyň parahatçylyga, durmuş abadançylygyna esaslanýan ösüş ýoluna, ykdysady kuwwatyna ýokary baha berilýär. Durnukly ykdysady ösüş, oňyn özgertmeler dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürmäge we oňyn başlangyçlary öňe sürmäge esas döredýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleri Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň boljakdygyndan habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP