Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletimiziň ösüş ýoly – halkymyzyň bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilen beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz taryhyň täze, ösüşlere we belent sepgitlere beslenen döwletlilik ýoly bilen ynamly öňe barýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylan düýpli özgertmeler munuň aýdyň mysalydyr. Täze döwrebap şäherçeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, döwrebap hassahanalaryň, çagalar baglarynyň we bilim ojaklarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha artýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň her bir güni üçin rowaçlyklara, ösüşlere we rowaçlyga beslenen ýol bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň ösüş ýoly – bagtyýar geljege we parahatçylyga bolan ynamyň berk binýadydyr.
Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP