Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

ILKINJI ÄDIMLER ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda tejribeli bilermenler, telekeçiler, mugallymlar tarapyndan maliýe sowatlylygy ýaly temalarda pikir alyşmak maksady bilen «Telekeçiligiň ilkinji ädimlerini halypadan öwrenýäris» atly duşuşyk geçirildi.

 Bilşimiz ýaly, hususy telekeçiligiň  ilkinji ädimlerini ýaşlara wagyz etmek häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahata «Alaý» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Egembergen Allabergenow gatnaşdy. 

 Bu babatda halypa-şägirtlik ýolunyň üstünlikli dowam etdirilýändigini hem bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde telekeçiler döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hem birnäçe ýyllardan bäri telekeçilik işlerini alyp barmak bilen, azyk üpjünçiligini gowulandyrmakda döwletimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýarlar. Duşuşykda talyplar halypa telekeçiniň iş we durmuş ýoly baradaky gürrüňlerini diňlediler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda talyplar ussat telekeçe telekeçilik işlerini ýola goýuşy barada sowallar bilen ýüzlendiler. Halypa telekeçiniň beren jogaplary hem-de ýaşlara aýdan gymmatly maslahatlary has-da täsirli boldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Duşuşyk ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmekde we giňden çekmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

TSTP