Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri

      2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda sagdyn-durmuş kadalaryny  giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Altyn tug” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda  “Sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

      Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy M.Goçmedow hormatly Arkadagymyzyň ekologiýa abadançylygy babatda amala aşyrýan beýik syýasatyny giňden wagyz etdi. Şeýle-de sagdyn iýmitlenmegiň adam bedenine ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda gürrüň edildi. Telekeçileriň ekologiýa taýdan arassa ter önümleri öndürip halka hödürlenmeginiň jemgyýetiň  beden we  ruhy taýdan sagdyn  bolmagyna getirýändigi bellenildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinden ekologiýa taýdan arssa iýmitler barada bir näçe mysallar getirildi.  Duşyşygyň dowamynda hünärmenler bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan telekeçilik babatdaky syýasaty dogrusynda pikir alyşmalar boldy.

       Geçirilen duşuşyk özüniň täsirliligi bilen tapawutlanyp, oňa gatnaşyjylar ähli ösüşlerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

TSTP