Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli okuwçy gyzlaryň arasynda «Hünärim bar-hormatym bar» atly bäsleşik  geçirildi.  

Bäsleşigiň esasy maksady türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwrümizde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar. Türkmen zenanlarymyzyň süňňüne siňen bu edebi milli häsiýetler ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize buýsanjy, şu günlerimize çäksiz söýgini, nurana ertirlere bolan uly ynamy terbiýeleýär, halkymyzyň abraýynyň mertebesiniň dünýäde has-da ýokary göterilmegine hyzmat edýär. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän bu mukaddesliklerimizi ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen geçirmek, ýaşlarymyzyň bu mukaddesliklere söýgüsini artdyrmak, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine goşandyny goşdurmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik esasan: «Gyz edebi» ýagny gyzlaryň özlerini tanyşdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek tertibi, ata-enä hem-de ula hormat goýmak; “Hünärim bar-hormatym bar” ýagny keşde çekmek, jähek çalmak, gaýma gaýmak, el işleri barada gysgaça gürrüň bermek şertlerinden ybarat boldy. 

Netijede ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy. 

Bäsleşigiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara döredip giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

TSTP