Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Hyzmat merkezi» hususy kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa nobatdaky sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Türkmenistan Hemişelik Bitaraplyk syýasaty, hoşniýetli dost-doganlyk özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatynyň oňyn netijelerinde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir. Türkmenistan döwletimiziň bu günki dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Ata-Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerimde alnyp barylýar.
Beýik özgertmeleri, işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP