Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

SPORT SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINIŇ YGRARLYGYNYŇ AÝDYŇ SUBUTNAMASYDYR

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ygrarlygynyň aýdyň subutnamasydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Täze taryhy döwürde parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolan sport diplomatiýasyny giň gerimde ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babat-da hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde döwletimiz dünýäniň sport ýurduna öwrülýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu günki gün dünýäde iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ajaýyp merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzda halkara derejeli birnäçe ýaryşlaryň geçirilmegi, döwrebap sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi diýip giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP