Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BIZ GÖZELLIGI DÖREDÝÄRIS

Şu günler ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler giň gerim alýar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ajaýyp gününde, ýagny fewral aýynyň 24-ne, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Halkara zenanlar güni mynasybetli «Biz gözelligi döredýäris» diýip atlandyrylan aýdym-sazly dabarada, «Adam eli gyzyl gül» diýlişi ýaly, baýramçylyk çäresine gatnaşan myhmanlar öz elleri bilen döreden sungat eserleri, el işleri bilen çykyş etdiler. Döredijilik adamlarynyň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, medeniýet işgärleriniň özboluşly ajaýyp sungat eserleri, milliligimiziň gymmatlygy bolan nepis halylarymyz, gyz-gelinlerimiziň çeper ellerinden çykan el işleri serginiň ajaýyp bezegine öwrüldi. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda gutlaglar aýdylyp, goşgular okaldy we gelin -gyzlarymyzyň waspyna aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy.

TSTP