Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy guwandyrdy, buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen şöhratlanan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanýar. Kitapda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreler barada buýsanç bilen söhbet açylýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgulary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kämil şahsyýetleri kemala getirmegiň beýik mekdebidir. Söz ussadynyň eserleriniň dünýäniň dürli dillerine neşir edilmegi, paýtagtymyzda geçen ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp orun tutýar diýip dabarada çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, beýik söz ussadyna belent hormat goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň köp bolmagyny hem-de galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP