Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK HALKARA GATNAŞYKLARYŇ ESASY UGRY

Şu gün Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler jaýynda   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Daşoguz welaýat  kitaphanasynyň bilelikde  guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklaryň esasy ugry» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Parahatçylyk ähli halklary birleşdirip biljek gymmatlykdyr, parahatçylyk ýoly ähli gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin paýhas ýoludyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ähli zatdan ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly ýol bilen, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak arkaly dünýä syýasatynda netijeli diplomatik gatnaşyklaryň üsti bilen ýokary ösüşlere ýetip bolýandygyny bütin dünýä subut etdi. 

Duşuşykda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur many-mazmuna eýedigini belläp geçdiler. Şanly ýylymyzyň şygary bu günki gün bütin dünýä boýunça aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip çykyşlarda aýratyn buýsanç bilen bellenildi. Duşuşygynyň dowamynda ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy, döwletimiziň şan-şöhratynyň arşa galmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş  sözleri beýan edildi. 

TSTP