Ýurdymyzda däp bolşy ýaly her ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylýar, bu mynasybetli «Ak kenar» hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog- parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa- parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP