Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

MILLILIK NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Terbiýeli perzendi ösdürip ýetişdirip, il hataryna goşmak örän uly jogapkärçiligi talap edýär, şonuň üçin hem nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň öňündäki baş wezipe, esasy alada hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň bu ugurda baý durmuş tejribesiniň bolanlygyna bize gelip ýeten taryhy ýazgylaryň, halk döredijiligi eserleriniň üsti bilen göz ýetirýäris. Türkmen ojaklarynda ata ogla, ene gyza öz görim-göreldesini geçirip gelýär. Nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, watansöýüji ýaşlar bolmagynda edilýän beýik işler aýdyňlygyny eçilýär, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplanan gymmatly tejribeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz miwelerini berýär diýip maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler. 

Duşuşykda zehinli, kämil ýaşlaryň ýetişmekleri üçin durmuş geçirilýän beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP