Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň kiçi mejlisler jaýynda milli el hünärimizi häzirki wagtda dowam edýän we olary nesilden-nesile geçirýän halypa telekeçi zenanlar bilen «Medeni hem-de müdimi miras» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende götermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kämil durmuş ýörelgelerimiziň, şöhratly geçmişimiziň tassyknamasy bolan medeni gymmatlyklarymyzyň wajyp ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenip, şeýle ajaýyp zamanada özgerişleri halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. Türkmen Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.
Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
TSTP