Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

KÄMIL TERBIÝE - MIZEMEZ GYMMATLYK

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda watansöýüjiligi, mertligi, adamkärçiligi, agzybirligi terbiýelemek maksady bilen «Kämil terbiýe – mizemez gymmatlyk» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hormatly  Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň kalbynda ata-Watanymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime, bedenterbiýä we sporta höwesi, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjek ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Ýurdymyzda  jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilip, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, ruhubelent sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdaryma ýaşlar barada uly alada edýän, olaryň hakyky watançy, il-halkyny söýýän belent adamkärçilikli, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekligi, ähli mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlary aman bolsun!

TSTP