Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

SAGDYN NESIL KEMALA GELÝÄR

2024-nji ýylyň  24-nji iýulda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň  arasynda sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça “Sagdyn nesil kemala gelýär”atly bäsleşik geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ýaşamaklary, üçin alnyp barylýan ägirt uly işler bimöçberdir. Gurulýan sport-sagaldyş merkezleri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, medeni ojaklar, ähli gerekli enjamlar bilen üpjün edilen binalar, mekdepler we çagalar baglary ýaş nesillerimiziň sagdyn we bagtly, ruhubelent bolmaklary barada edilýän aladadyr. Aşgabat şäherinde häzirki zaman ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde bu küşt gadymy akyl-paýhas oýunlaryna aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Küşt oýnunyň sportuň beýleki görnüşlerinden aýratynlygy ýaş tapawutlylygna garamazdan yzygiderli türgenleşip, ýaryşlara gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp bolýarlar. Küşt oýnunyň akylly-paýhasly bolmaga, ruhubelentligi goldamaga ýardam etmek bilen ýatkeşligi, giň göwrümliligi, ünslüligi, eserdeňligi, adamkärçilik terbiýelerini bermäge bolan kömegi uludyr.

Ýaşlar nesillerimiz üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys!

TSTP