Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Geçmişe sarpa Beýiklere mahsus

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Berk akar” hususy kärhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserleri we onda Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa barada “Geçmişe sarpa Beýiklere mahsus” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Bu gün Magtymgulynyň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar durmuşy hasyl boldy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy” diýip, mundan birnäçe ýyl öň aýdan dürdäne sözleri durmuş hakykata öwrüldi diýip belläp geçdiler.

Beýik söz ussadyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, şu günler yzygiderli geçirýän duşuşyklarymyza gatnaşýanlar öz mähriban halkyny bagtly şu günlerimizden ýagty ertirlere ynamly alyp barýan Hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy, beýik söz ussadymyzyň dürdäne şygyrlaryny öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda amala aşyrýan ägirt uly işlerinde baky rowaçlyk arzuw edýärler.

TSTP