Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Ýaşlar-Watanyň daýanjy

2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň guramagynda hem-de Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw we  ýaşlary belent watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma öwrülen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze döreden “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň many-mazmuny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýe almaklaryny gazanmak üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ýurdumyzy ösen we kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň ylym-bilim babatynda gazananlaryndan habarly we kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilikleri döredýär diýip duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Duşuşyk watanymyza, halkymyza, ahlak ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP