Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Pyragy edebiýatyň göwher täji

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly” atly eseriniň sowgatlyk berilmegi mynasybetli “Pyragy edebiýatyň göwher täji” atly maslahat geçirildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda adyndan hem belli bolşy ýaly beýik akyldar şahyrymyzyň waspy belentlere ýaň salýar. Beýik söz ussadynyň çeper döredijiligini, goşgular ýygyndysyny dünýä ýüzünde jar etmek üçin dürli işler durmuşa geçirilýär diýip maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň goşgusynda bularyň hemmesini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýip, iki setire sygdyrypdyr, we bu ajaýyp şygyry bolsa. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy. 

Maslahatda milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlary bilen jemlendi.

TSTP