Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Halk kalbynda baky orun alan şahyr

2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmeniň akyldar şahyry  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, “Halk kalbynda baky orun alan şahyr” atly şygar astynda gezelenç  gurnaldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dowamat dowam Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny, dünýä tanatmak ugrunda taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende göterildi. Şahyryň döredijiliginde ýaşlara öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

TSTP