Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Gurat-Gurluşyk” hususy kärhanasynda “Sagdyn ruhly Diýarym” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän ähli şertleri Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.
Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir” diýip belleýär. Biziň her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu öwüt-ündewlerine berk eýermek bilen, sporta uly üns bermelidiris, ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmelidiris.
Bu asylly işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, tutýan tutumly işlerinden üstünlikleri arzuw edýäris.
TSTP