Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Dost Gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetinde “Akyldar şahyryň edebi mirasy ruhy hazynamyzdyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä ady dolan, taryhy geçmişimizi, häzirki bagtyýarlygymyzy, geljekki eşretlerimizi öňünden görüp, özüniň şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan umumadamzat şahyrydyr.Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.
Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek hakyndaky kararyň çäklerinde geçirilýän çäreler, metbugatda we beýleki habar beriş serişdelerinde orta atylýan pikirler halkymyzyň, esasan–da, ýaş nesillerimiziň akyl-paýhasyny çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Umman dek çuň mana öwrülen türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, filosofy, başarjaň wesýetçi-terbiýeçisi Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi terbiýe mekdebi hökmünde atalar sözlerine öwrülip, halk döredijilik eserlerine siňip gidipdir. Meselem, şahyryň döredijiliginde Watana, tebigata bolan söýgi, agzybirlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, beren sözüňde tapylmak, saglygyň gadyr-gymmaty, arassaçylyk barada şygyrlar köp.
Akyldar şahyryň şygyrlarynda türkmen halkyna mahsus bolan milli däp-dessurlary söz arkaly çeper beýan edilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny öwrenmeklige, olaryň milli däplerine düşünmeklige esas berýär. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny öwrenmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölüminde Magtymguly Pyragynyň eserleri we golýazmalary saklanylýar. Özüniň dürdäne setirlerinden doly şygyrlary bilen dünýäni haýrana galdyran dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegine garaşylýan günlerde şahyryň edep-terbiýe, öwüt-ündew berýän goşgulary ösüp gelýän neslimiz üçin terbiýe mekdebidir.
Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny dünýä ýüzünde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
TSTP