Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Pyragynyň paýhasyndan ylham alýan bagtyýar ýaşlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň guramagynda Boldumsaz etrabyndaky 71-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda ata-babalarymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik, hallyk, ýokary ahlaklyk, janypkeşlik, ynsaplyk ýaly häsiýetlerini nesillerden –nesillere geçirmek, halkymyzyň milli ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen “Pyragynyň paýhasyndan ylham alýan bagtyýar ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda baý döredijilik eserlerine baý bolan beýik şahyryň ömri we döredijiligi dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle hem beýik akyldaryň döredijiligi belent watançylyk duýgusy, asylly ýörelgelerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz bilen aýrylmaz bagly bolup, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde täze gözýetimleri açýar. Magtymguly Pyragynyň, beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri, halk döredijiliginiň nusgalary nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. 

Ýaş nesil barada hemişe alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň netijesinde, Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Bu işlerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Nesil terbiýesi maşgaladan hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlanýar. Bu işde Hormatly Prezidentimiziň iki ýylyň sepgidinde elimize gowşan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda ündelýän, beýan edilýän gymmatly pikir-garaýyşlar maksatly ýaşamagyň anyk çelgileri hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygy gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP