Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşiginiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Saglyk ulgamyny ösdürmäge, halkymyzyň saglyk-hal ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda häzirki wagtda ilatymyzyň saglygyny bejermek we dikeltmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän hassahanalaryň, saglygy dikeldiş merkezleriniň we şypahanalaryň dünýäniň iň ösen ýurtlarynda öndürilen tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi dogrusynda çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem saglyk ulgamynyň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen saglyk ulgamynyň has ösen ýurtlaryna gurnalýan okuwlarynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçirildi. 

Duşuşyk ýurdumyzda halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP