Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

“Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet ” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş eden “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan eziz halkymyz dürli döwürlerde öz teritoriýalarynda dünýäniň medeni siwilizasiýalarynyň birnäçe ojaklaryny döredipdirler. Şeýle dörän medeni siwilizasiýalaryň biri-de Änew medeniýeti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynda Änew medeniýetiniň döreýiş taryhy we ösüşi bilen bagly arheologlaryň, taryhçylaryň maglumatlary dogrusynda bellenilip geçilýär. Şeýle hem, geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ýurdumyzyň taryhyny has-da içgin öwrenmäge özüniň mynasyp goşandyny goşjakdygy barada çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda häzirki döwürde medeniýetimizi taryhymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleriň şertleriň döredilip berilýändigi hakynda çykyş edenler aýdyp geçdiler. Dabara ýurdumyzyň medeniýetini we taryhyny öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP