Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Telekeçiligiň üstünlikli ýoly

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Dört el” hususy kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatyny wagyz etmek maksady bilen “Telekeçiligiň üstünlikli ýoly” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hu­su­sy bö­le­gi­ni hö­wes­len­dir­mek we gol­da­mak me­se­le­si döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe üns merke­zin­de dur­ýar. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň äh­li ugur­lar­da ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin amatly şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­nama­sy­ny” tas­syk­la­ma­gy “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da Wa­ta­ny­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak ba­bat­da mö­hüm ädim bol­dy. Bu Mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hem ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek­den yba­rat­dyr. 

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” ýy­ly­ny zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mek bi­len, tä­ze-tä­ze önüm­çi­lik­le­ri işe gi­riz­ýär­ler. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda Hormatly Prezidentimiziň goldaw hemaýatlary bar. Telekeçilere şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!  Il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP