Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Ýaşlar - Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen “Ýaşlar-Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar. Ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berilýär. Giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy, ýaşlara bildirilýän uly ynam dogrusynda dabaranyň dowamynda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşyk ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP