“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler her birimiziň kalbymyzy joşa getirýär, döwrümize bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli pudak edaralarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Golaýda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň döredijiligine ýokary baha berýär” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Bu duşuşyk Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan gurnaldy. Ady äleme belli bolan beýik Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen duşuşykda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eden çykyşlary has hem täsirli boldy. Döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlaryň eden çykyşlary hem aýratyn gyzyklanma döretdi. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler baradaky söhbetler bolsa terjimeçilik ugrundan okaýan talyplardyr mugallymlar üçin has-da özüne çekiji boldy. Döredijilik duşuşygyň ahyrynda öçmejek dana Pyragynyň adyny äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.
TSTP