Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy»  atly maslahat geçirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, tagallalary bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Diýarymyzyň gujagynda bagtyýar zamanada şanly seneleriň şatlygy kalbymyzy gurşap alýar. Her bir gün guwandyryjy wakalara beslenýän ýurdumyzda gazanylýan ösüşler ajaýyp baýramçylyk duýgulary bilen birleşýär. Halkymyza täze durmuşy peşgeş beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň her ýyl uly dabara bilen belleýän baýramlarynyň biri bolup, özbaşdak erkana döwletimiziň ähli ýeten sepgitleriniň ilkinji we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetiren ösüş basgançagy boldy.

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda özüniň gelejegini gurýar, halal zähmet bilen mähriban topragymyzy gülläp ösýän künjege öwürýär. Ýetilen sepgitlere buýsanylýan we täze ösüşlere ynamly gadam goýulýan ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriň birine öwrüldi. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan ajaýyp pursatdan peýdalanyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan döwletde şanly seneleri uly dabara bilen bellemäge giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP