Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda «At-abraý» hem-de «Gökdepeler» hojalyk jemgyýetlerinde zähmet çekýän ilkinji partiýa guramalarynyň agzalarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýete eýe boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ornuny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine berýän itergisini hem-de hususy pudagy önümçilik kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýetini giňden düşündirmek boýunça netijeli söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle çäreler telekeçileriň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakda hem-de olary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli beýik özgerdişlere işjeň çekmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan, milli telekeçiligi goldamakda we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk we alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikler arzuw edýäris!
TSTP