Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komitetiniň guramagynda geçirilen «Halk Maslahaty – Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany» atly maslahat duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda wajyp wakalaryň biri boldy. Bu çäre Halk Maslahatynyň milli agzybirligi pugtalandyrmakdaky hem-de döwletli kararlary kabul etmekdäki eýeleýän ornuny aýdyň görkezdi.

Halk Maslahatynyň halkyň birleşdiriji güýji hökmünde jemgyýetde agzybirligi, durnuklylygy we demokratik ýörelgeleri berkitmekdäki taryhy roly barada giňişleýin bellenildi. Ýurtdaky senagatçylaryň we telekeçileriň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki işjeňligi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdaky hem-de täze mümkinçilikleri döretmekdäki mynasyp goşandyna durlup geçildi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde partiýa agzalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara hyzmatdaşlygyny barha ösdürmegiň wajyplygy nygtaldy.

Geçirilen duşuşyk hususy bölegiň wekillerini hem-de jemgyýetçilik işjeňlerini Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine işjeň gatnaşmaga ruhlandyrmakda we milli jebisligi berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Halkymyzyň parahat, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkyny täze sepgitlere sary ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP