Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnan «Halk Maslahaty: parahatçylygyň we agzybirligiň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli agzybirligi berkitmekde möhüm waka boldy. Halk Maslahatynyň döwletimiziň durnuklylygyndaky, parahatçylygyndaky we milli agzybirligindäki eýeleýän ornuny giňden wagyz etmek. Telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde we jemgyýetçilik galkynyşyna işjeň gatnaşmakda döwlet syýasaty bilen bir ugurdan baryşy bellenildi. Parahatçylygyň, agzybirligiň ýurdumyzyň mundan beýläk hem rowaçlanmagynyň we berkarar bolmagynyň berk binýadydygy aýratyn bellenip geçildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik üstünliklere we parahat gelejege alyp barýan Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de il-ýurt bähbitli beýik işlerinde hemişe üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP