«Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at - myradyň mekany» ýylymyzyň toýlardan toýlara ulaşýan günlerinde Watan goragçylarynyň güni uly dabara, aýdym bilen saz bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan hem Watan goragçylarynyň güni aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu dabaraly maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pederlerimiziň ar namysy dogum gaýraty siňen eziz diýarymyzyň asudalygynyň parahatçylygynyň goragynda sak duran Watan goragçylarymyzyň, Türkmenistan döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginde şeýle hem Watan goragçylarymyzyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda amala aşyrylýan beýik işleri barada aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülläp ösýän Watanymyzyň şan-şöhratyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar belentden ýaňlandy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar döredip berýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagbosunlaryny beýan etdiler.
TSTP