Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BEDEW BATLY ÖSÜŞIŇ BELENT SEPGITLERINE TARAP

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda partiýanyň we birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany şygar bilen bedew batly ösüşiň belent sepgitlerine tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda abadan halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyly ilkinji günlerinden zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýändigi, täze ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, esasanda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden baýram ediljek uly toýunyň buýsanjy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi.

Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamak, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP