Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Watanyň buýsançly bagtyýar ýaşlary

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Goşa depe” hojalyk jemgyýetinde “Watanyň buýsançly bagtyýar ýaşlary” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym bilim almagy, zähmet çekýän kärinde hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň şertler döredilýär. Türkmenistanyň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ýaşlary telekeçilige çekmek baradaky wezipelerinden ugur alyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň işewürlere döredip berýän mümkinçilikleri telekeçileri täze zähmet üstünliklerine belent sepgitlere ruhlandyrdy. Ýaş telekeçilere şeýle işleri ýerine ýetirmeklige hem-de ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary ösdürmeklige hemme taraplaýyn berýän goldawlaryna Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP