Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Daşoguz şäheriniň 1-nji hünärment okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly wagyz-ündew duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ugurlary, onuň goşgularyndaky terbiýeçilik, watansöýüjilik ähmiýetlerine bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler şu ýyl Garaşsyz Ülkämizde ulydan bellenjek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýan çärelere görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolup durýandygy barada aýratyn bellenilip geçildi. Ondan başga-da duşuşygyň dowamynda çykyş edenler nusgawy şahyryň goşgylarynyň diňe bir ýurdumyzyň okyjylar köpçüligi tarapyndan däl eýsem dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilip öwrenilýänligi hakynda belläp geçdiler. Wagyz-ündew duşuşygy ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy dikeltmek ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP