2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän telekeçi B. Rawşanowyň ýyladyşhanasynda Hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, “Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty – ýurdumyzyň ösüşiniň kepili” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen döredilen türkmen ykdysadyýetiniň özboluşly ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklygy üpjün edýär. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazaryň alamatlaryny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm aýratynlygy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli bähbitleri we dünýä ösüşiniň umumy meýillerini nazara alýan bazar ykdysadyýetiniň öz modelini kemala getirmek we yzygiderli kämilleşdirmek babatda ýokary netijeler gazanyldy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
TSTP