Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz şäheriniň 1-nji hünärment okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy, ýaşlara bildirilýän uly ynam dogrusynda dabaranyň dowamynda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň eziz halkymyz tarapyndan mähirli garşylanandygy, ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrülendigi baradaky täsirli çykyşlar edildi. Kitapda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaşlara bildirýän uly ynam we ýaşlarymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenilip geçilendigi barada çykyş edenler belläp geçdiler. 

Dabara ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP