Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Gel täze ýyl, Arkadag Serdarly eziz Diýara

2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň “Bedew” toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Gel täze ýyl, Arkadag Serdarly eziz Diýara” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy geçirilen bu dabara halypa şahyrlaryň goşgulary, gatnaşyjylaryň buýsançly çykyşlary we aýdym-saz çykyşlary bilen has hem bir belent öwüşgin bilen geçdi. 

Dabara gatnaşyjylar özleriniň täze ýyl gutlag sözlerinde ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň gazananlary dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyga görülýän uly taýýarlyklar, şeýle hem welaýatlarymyzda hereket edýän telekeçilerimiziň öndüren ekologiýa taýdan arassa, hil taýdan ýokary we elýeterli önümleri bilen doldurylan göçme söwda dükanlarynyň täze ýyl saçaklaryny bezemekdäki ähmiýetleri hakynda aýdyp geçdiler. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da belende göterdi. Dabara Ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan bimöçber aladalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP